Bronhit

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bronhit (lat. bronchitis, bronh + -itis — sowuklama) — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.

Ýiti bronhit[düzet | çeşmäni düzet]

Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.

Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogol içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgimegi sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde hem ýiti bronhit döräp biler.

Bronhit dürli şikeslendiriji maddalar arkaly hem ýüze çykýar. Şikeslendiriji madda dem alnanda, howa arkaly bronhlara düşýär. Mundan başga-da şol madda gan akymy (gematogen ýoly) ýa-da limfa akymy (limfogen ýoly) bilen bronhlara geçip bilýär. Netijede bronhlar, has takygy olaryň nemli bardasy çişýär we nemli iriňli bölünip çykma emele gelýär. Has agyr ýagdaýlarda bronhlaryň nemli gatlagynda dargama ýagdaýlary bolup geçýär.

Çişme zerarly bolup geçýän üýtgeşmeler we bronhlaryň gysylmagy netijesinde bronhial geçirijilik bozulýar (esasanam ownuk bronhlaryň şikeslenmesinde).

Ýokanç gelip çykyşly bronhit ýiti rinitiň we laringitiň esasynda başlanýar. Ýiti bronhit başlanda, adam özüni ýaramaz duýýar, onuň döşi ýanyp duran ýaly bolýar.

Bronhitiň esasy alamaty – üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde üsgülewük tutgaýgörnüşli bolýar. Käte tutgaýgörnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Näsaglar ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynynyň 37-38Сº ýetýändigine, kellagyra, damarlardaky (myşsalardaky) agyra arz edýärler. Auskultasiýa (diňläp barlamak usuly) geçirilende, agyr dem alyş we dagynyk gury hyžžyldy bellenilýär. Ganyň barlaglarynda kän bir üýtgeşmeler bolmaýar.

Kesel başlanyndan soň, goýy gakylyk emele gelýär we üsgülewük az-kem ýeňleýär. Näsagyň özüni duýşy gowulaşýar. Adatça kesel bir-iki hepde dowam edýär. Emma üsgülewük bir aýa çekip bilýär.Ýiti bronhitde dem almak has kynlaşýar. Ýiti bronhit dowamly bronhite geçip bilýär.

Dowamly bronhit[düzet | çeşmäni düzet]

Dowamly bronhit- bu maýda we ownuk bronhiolalaryň, iri bronhlaryň nemli bardalarynyň dowamly (ýyllap dowam edýän) gaýnaglama keselidir.

Keseliň sebäpleri örän köpdür. has wajyp sebäler aşakda görkezilen:

-ýokanç mikrobedenjikler: stafilokkoklar, streptokokklar, pnewmokokklar.

-çilim çekmeklik;

-atmosfera howasynda pollýutantlaryň köp ýerinde ýaşalmagy;

-nesil yzarlama häsiýetiniň bolmagy.

Funksional häsiýeti boýunça dowamly bronhit bölünýär: obstruktiw we obstruktiw däl.

Obstruktiw dowamly bronhit-dem alyş ýollarynyň nemli gatlagynyň çişmegi we howa geçiriji ýollarynyň daralmagy bilen geçýär. Bu görnüşli keselde demgysma alamaty aýdyň göze görünýär.

Obstruktiw däl dowamly bronhit-bronhlarda dowamly gaýnaglama hadysasynyň bolmagy bilen geçýär. Bu görnüşli keselde bolsa gakylyk köp bölünip çykýar.

Beýleki dowamly keseller ýaly, dowamly bronhitiň geçişi 2 döwürden ybarat. Olar:

-Remissiýa;

-Ýitileşme.

Remissiýa döwründe näsag öz keseli barada bilenok, hiç hili agyry duýanok we öz zähmet ukyplylygyny saklaýar.

Ýitileşme döwründe gakylyk iriňli häsiýete eýe bolýar, mukdary köpelýär we dem alyş ýollarynyň obstruktiw zeperlenmegi esasynda demgysma bolýar. Keseliň başlan wagtyndan dem gysma ortaça 20-30 ýyldan soň ýüze çykýar.

Keseliň öňüni alyş çareleri:

-Yzygiderli bedenterbiýe maşklary etmek, bedeni berkitmek;

-Sinusit, rinit, laringit, ýiti bronhit ýaly keselleri doly we dogry bejermek;

-Çilim çekmezlik;

-Hapa atmosfera howada işlenilýän zähmet şertlerini gowulandyrak, bolmasa gorag eşikleri, maska dakynmak;

-Sanitar-gigiýeniki kadalary berjaý etmek, otaglary çygly arassalamak, ýeljiretmek.