Boris Kramarenko

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Boris Grigorýewiç Kramarenko — göreşiň grek-rim görnüşi boýunça olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatyna gatnaşyjy.

Umumy maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

Boris Kramarenko 1955-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Ol Aşgabatdaky 19-njy (1962ý-1968ý) we 45-nji (1968ý-1972ý) mekdeplerde orta bilimini aldy. 1972-nji - 1976-nji ýyllarda TDU-da okady. 1976-1978-nji ýyllarda Rostow-na-Donu şäherinde Watan gullugynda boldy.

Sport karýerasyna 1967-nji ýylda Aşgabatda başlady. 17 ýaşynda SSSR-iň sport ussady, 22 ýaşynda bolsa halkara derejeli sport ussady derejeleriniň kadalaryny doldurmagy başardy.

Boris Grigorýewiç häzirki wagtda Rossiýanyň Rostow-na-Donu şäherinde tälimçi bolup işleýär. Bu şäherde bolsa, Boris Kramarenkonyň hormatyna her ýyl çagalaryň arasynda göreş ýaryşy geçirilýär.

GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI[düzet | çeşmäni düzet]

SSSR-iň çempionaty:[düzet | çeşmäni düzet]

1976ý - kümüş medal (62 kg) 1978ý - altyn medal (62 kg) 1979ý - bürünç medal (62 kg) 1980ý - altyn medal (62 kg) 1981ý - altyn medal (62 kg)

Dünýä çempionaty[düzet | çeşmäni düzet]

1978ý (Mehiko, Meksika) - altyn medal (62 kg)

Olimpiýa oýunlary:[düzet | çeşmäni düzet]

1980ý (Moskwa, Rossiýa) - bürünç medal (62 kg)

salgylanma[düzet | çeşmäni düzet]

http://wap.ertir.com/index.php?q=blog&view=81065 Archived 2016-03-14 at the Wayback Machine