Bilkent uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Bilkent uniwersiteti
Bilkent Üniversitesi
Faýl:Bilkent University Crest.svg
Bilkent uniwersiteti
GörnüşHususy
RektorKürşat Aýdogan
Kampus meýdany3 bölek, 300 ga
Gurlan ýyly1984
Talyp sany13,000[1]
Fakultetler9[1]
SalgysyÜniversiteler, 06800 Çankaya, Ankara, Türkiýe
Web salgysyhttps://w3.bilkent.edu.tr/www/

Bilkent Uniwersiteti (Türkçe:, Bilkent Üniversitesi) paýtagt Ankarada ýerleşýän Türkiýäniň hususy uniwersitetleriniň biridir. 1984-nji ýylda Prof. Yhsan Dogramajy tarapyndan ýokary ylmy işler we barlaglar üçin okuw merkezi maksady bilen döredildi.[2] Bu uniwersitet Türkiýede açylan ilkinji hususy uniwersitetdir. "Bilkent" sözi "Bilim kenti" Türk sözleriniň goşulmagyndan gelip "Bilim şäheri" diýmekdir. Bu uniwersiteta her ýyl onlarça halkara talyplar stipendiýaly (talyp haky) girmäge hak gazanýarlar. Bu talyp haklaryna dalaşgärleri uniwersitetiň özi saýlaýar we olar 100-20% aralygynda okuw tölegleri garşylaýar.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Uniwersitetiň gurluşyna 1967-nji ýylda Ankaranyň günbatar tarapynda başlandy. 1970-nji ýylarda adminstratiw öýleri, inženerlik fakulteti, kitaphanasy guruldy. Soňra okuwçylar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, uniwersitetiň işgärleri üçin binalar tiz wagtda guruldy.[2]

Uniwersitet meýdany[düzet | çeşmäni düzet]

Uniwersitet 3 sany meýdançadan (kampusdan) ybarat. Ankara şäheriň merkezinden 12 km günbatarynda ýerleşýär we umumy meýdany 300 gektardan gowrakdyr.[3] Kampuslaryň arasynda awtobus gatnawlary bar.

Kitaphanasy[düzet | çeşmäni düzet]

Uniwersitetiň kitaphanasy kitaplara baý we her ýyl ýyllyk 3 million Amerika dollarynda harjamalar edilýär. 2007-nji ýylda Bilkent Uniwersitetiniň kitaphanasy Türkiýäniň iň uly we baý (eserlere) kitaphanasy saýlandy we häzir hem Türkiýäniň iň gowy 10 kitaphanasyndan biri diýilip kabul edilýär.[4]

Akademikiler[düzet | çeşmäni düzet]

Uniwersitetiň 33 sany baklawr üçin ugurlary, 32 aspirant ugurlary bar.

Fakultetler[düzet | çeşmäni düzet]

Ranking (Teripleşdirme)[düzet | çeşmäni düzet]

Times Higher Education World University Rankings 2018-däki maglumatlaryna göra Bilkent Türkiýäniň iň gowy 5 uniweritetiniň arasynda ,[5] we 50 ýyllyk uniweritetleriň arasynda bolsa ilkinji 100 uniwersiteleriň sanawynda, ,[6] we ykdysady ugur boýunça dünýäde ilkinji 50 uniwersitetiň sanawynda [7]




Ankaradaky uniwersitetler

Ankara uniwersitetiAtylym uniwersitetiBaşkent uniwersitetiBilkent uniwersitetiÇankaýa uniwersitetiGazi uniwersitetiHajettepe uniwersitetiOrta Gündogar tehniki uniwersitetiTOBB Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiUfuk uniwersiteti

  1. 1.0 1.1 "Bilkent University Facts". 2010. Archived from the original on 2010-12-20. 
  2. 2.0 2.1 "EN / Bilkent University – Historical Background". w3.bilkent.edu.tr. Retrieved 2018-02-15. 
  3. "EN / Bilkent Uniwersiteti – Bilkin uniwersiteti barada". w3.bilkent.edu.tr. Retrieved 2018-02-18. 
  4. "Türkiye’nin en iyi 10 kütüphanesi". Retrieved 2 July 2016. 
  5. "World University Rankings" (en). Times Higher Education (THE). 2017-08-18. https://www.timeshighereducation.com/world-university-rankings/2018/world-ranking#!/page/0/length/25/locations/TR/sort_by/rank/sort_order/asc/cols/stats.
  6. "Young University Rankings" (en). Times Higher Education (THE). 2017-04-04. https://www.timeshighereducation.com/world-university-rankings/2017/young-university-rankings#!/page/0/length/25/sort_by/rank/sort_order/asc/cols/stats.
  7. "BRICS & Emerging Economies". 13 April 2015. Retrieved 2 July 2016.