Beỳik Seljuk döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmen taryhynyň üçünji eỳyamynda uly öwrülişigi Beỳik Seljuk döwletiniň döremegi bilen baglanyşdyrmagyň taryhy ähmiỳeti bardyr. Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beỳik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, kiçi Aziỳa tarap ummasyz giňişliklere ỳaỳraỳar bu döwlet dargandan soň, onlarça özbaşdak döwletler döreyär.

Mälik şa aradan çykandan soň (1092) Horasanda Sanjara mäliklik wezipesi berlipdir. Şeỳlelikde Sanjar hem meşhur atalary Çagrybeg, Alp Arslan ỳaly Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň başyna geçipdir. Merw şäherinde oturyp hökümdar eden Mälik Sanjar on dört ỳaşynda, ỳagny 1100-nji ỳylda gündogarda turan birtopar Seljuk türkmenleriniň häkimligine garşy, baş galdyrlan gozgalaňlary basyp ỳatyrmak bilen özüniň bu ägirt döwletiň soltanlygyna tarap aỳgytly ädimleriniň ilkinjisi ädipdir.

Seljuk döwletine ỳarym garaşly, garaşsyz onlarça dölwletler ozalky ỳoluny dowam edipdirler. Beyik Seljuk türkmen döwletiniň esaslandyrylmagynda uly ähmiỳetli waka bolan Daňdanakan söweşinden soňra Seljuklar Maryda uly maslahat çagyrypdyrlar hem-de tabyn eden ỳerlerini neberäniň agzalarynyň arasynda peỳdalanypdyrlar. Şu paỳlanyşykda Eỳranyň Tabes we Kerman welaỳatlary Gurda berlipdir. Türk taryhy çeşmelerinde onuň ady Kabert hökmünde geçip onun “Gurt” manysynda gelỳändigi barada aỳdylỳar. Gurt Dawut Çagry begiň ogly bolupdyr. Oňa gara Arslan hem diỳlipdir.

Gaznalylaryň Daňdanakanda ỳeňilmeginden soňra Seljuklar günorta tarapa akgyn edip başlapdyrlar. Bu döwürde Kerman Büweỳhi hökümdary Ebu Kalijar Merzubanyn gol astynda bolupdyr. Togrul beg Reỳ şäherine girenden soň esgerleriniň bir toparyny Kermana gönderipdirler. Seljuklar bu ỳere gelip käbir etraplary özüne boỳun egdiripdirler. Emma buweỳhiler olara garşy söweşde ỳeňiş gazanyp birnäçe ỳyllap kermandaky ỳagdaỳy öz peỳdalaryna saklamagy başarypdyrlar, ỳöne Gurt (Gara Arslan) 1048-nji ỳylda Demirgazyk Kermany özüne tabyn etmagi başarypdyr. Şeỳlelikde Kermanda Seljuk türkmen döwletini esaslandyrypdyrlar. Kermana köp mukdarda türkmen ilaty göçüp gelipdir. Kermandaky Seljuk türkmen döwleti Mälik Gurt Kermana häkim bolanda Arabystan ỳarymadasynyň gündogaryndaky umma (oman) ülkesi Büweỳhileriň golastyndady. Hazynalara baỳ bu ülke derrew Gurduň ünsüni özüne çekipdir. Ony boỳun egdirmek maksady bilen gurt ỳörişe başlapdyr. Seljuk türkmenleriniň taryhynda ikinji sapar deňiz ỳörişini amala aşyran Mälik Gurt Ummana häkim bolupdyr. 1062-nji ỳylda Kermanyň günbatarynda ỳerleşỳen Fars welaỳatyny eỳeläpdir. Gurt Kermana häkim alyp barypdyr. Häkimiỳet alamaty bolan hökümdar saỳawanyny ỳanyndan goỳmandyr. Onuň ỳüzünde Seljuk neberesiniň alamaty bolan ok-ỳaỳyň şekili bolupdyr. Mälik Gurt öz dolandyran welaỳatynda özbaşdak bolsa-da beyik türkmen Seljuk Soltanlaryna tabynlykda bolupdyr. Mälik Gurt Mälik şa garşy söweşde wepat bolỳar.

Tagta bolsa Soltan şa çykypdyr. (1074) Mälik şanyň Kermana ỳöriş eden wagty Soltanşa Berdesir şäherinde gizlenipdir. Soňra gymmat bahaly sowgatlar bilen Mälik şany garşylap, onuň gyzyna öỳlenipdir. Ol Kermanda 12 ỳyllap döwleti dolandyrypdyr. 1085-nji ỳylda aradan çykỳar. Şondan soň tagta Turan şa gecipdir. (Gurduň ogly). Turan şa kermandaky Seljuk türkmen döwletini 13 ỳyllap dolandyrypdyr. Ol adalatly hökümdar bolupdyr. 1097-nji ỳylda Turanşa hem aradan çykỳar, onuň ogly Eỳran şa tagta oturypdyr. Onun döwründe ilat horluk çekipdir.

Horasanda ỳaşaỳan oguzlaryň Kermana aralaşmagy bu ỳerdäki türkmen Seljuk döwletiniň gowşamagyna hem-de onuň ỳykylmagyna täsir edipdir. 1181-nji ỳylda Oguzlar Berdesir basyp alỳarlar. Şeỳlelikde Kermanda 136 ỳyl dowam eden Kermandaky türkmen Seljuk döwleti 1187-nji ỳylda öz ornuny ỳitiripdir, döwlet ỳykylypdyr.