Bagtyýarlyk-Lebap

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle


Klubyň resmi web sahypasy [[1]]

Klubyň Täze Taryhy


2008-nji ýylda topar „Bagtyýarlyk“ ady bilen ýokary liga gaýdyp gelýär. Futbol kluby täzeden döredilip, ýaş oýunçylardan düzülýär. Tejribesi kän bolmadyk oýuçylar bilen bu ýyl şowly çykyş edip bilmeýär we 7 sany resmi duşuşygyny käbir sebäplere görä oýnamady. Türkmenistanyň ýokary ligasynda 4 utuk bilen 11-nji ýerde tamamlandy. 2009-njy ýylda hem 5 utuk bilen turnir tablisany 9-njy ýerde tamamlaýar. 2010-njy ýylda komanda-da kän özgerişikler geçirilýär. Şol ýyl komandanyň adyny “Lebap” futbol kluby diýip üýtgedilýär. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň 18-nji Milli Çempionatynda Ýokary Liganyň 10 sany toparynyň gatnaşmagynda ýaz-güýz tertibi boýunça 2 aýlaw geçirildi. “Fk Lebap” kluby geçirilen 18 duşuşykda 10 ýeňiş, 4 deňlik we 4 utulyş bilen 34 utuk gazanyp turnir tablisada hormatly 3-nji ýere mynasyp boldy.