Babizm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BABIZM — babitler sektasynyň dini taglymaty. Ol 19 asyryň 40 ýyllarynda Eýranda Bab tarapyndan esaslandyrylýar. Ol Eýran söwda burjuwasynyň peýdasyna jemgyýeti täzeden üýtgedip gurmak talaby bilen çykyş edipdir. Bab öz taglymatynda feodalsyz, açgöz ruhanysyz we daşary ýurtlularsyz monarhistik hökümet gurmagy, söwdagärleriň we hünärmentlernň şadyhorram ýaşamagyny ündäpdir. Eýran şasy ony Maku türmesine taşladypdyr. Bab turmede «Beýan» diýen kitabyny ýazypdyr. Onuň pikiriçe, bu kitap Gurhany çalşyrmaly eken. Eýranyň ezilýän halky bu taglymatyň feodalizme garşy taraplaryny kabul edip alyp, köp ýerlerde gozgalaň edipdir. Şol döwürde Bab öldürilipdir. Babyň taglymatlarynyň demokratik elementlerini ösdürenlerden iň görnüklisi molla Muhammet Aly Barforuçskiý bilen görnükli babitka Kurrat al-Aýnydyr. 1848 ýylda olar Şahrud şäheriniň golaýyndaky Bedaşt obasynda birnäçe ýüz babidi ýygnap ýygnak geçiripdirler. Şonda olar ähli döwlet düzgünleriniň, kanunlarynyň, salgytlarynyň, feodallara garaşlylygyň we hususy eýeçilignň ýatyrylmagyny, aýal-gyzlaryň erkek adamlar bilen deň hukukly bolmagyny talap edipdirler. Olar Barforuş şäherimiň golaýyndaky Mazanderanda gala gurup berkleşipdirler. Emma, gala şa goşuny tarapyndan alnyp, gozgalaň rehimsizlik bilen ýatyrylypdyr. Şondan soň hem babitleriň hereketi togtamaidyr Zenjan, Neýriz we Fars şäherlerinde hem babit gozgalaňlary bolupdyr. Bu gozgalaňlaryň şowsuz gutarmzgy netijesinde babit ýolbaşçylary terrorçylyk herekete başlapdyrlar. Olaryň 1852 ýylynda Eýran şasynyň janyna kast etmek üçin eden synanyşyklary hem başa barmandyr. Eýran feodallary we ruhanylar babitlerden rehimsizlik bilen öç alypdyrlar. Babizm esasynda soňra behaizm taglymaty döräpdir.