Babegiň gozgalaňy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

BABEGIŇ GOZGALAŇY — takm. 816—837 ýyllarda Arap halifatyna garşy Azerbaýjanda we Günbatar Eýranda dörän halk hereketi. Babek 8 asyryň ahyrynda garyp maşgalada doglupdyr. Ol çopan, kerwende düýe idiji, soňra Töwrizde hünärment bolup işläpdir. Babek hürremitleriň azat edijilik göreşine goşulypdyr, 816 ýylynda hereketiň ýolbaşçysy Jawidan ölenden soň göreşe ýolbaşçylyk edipdir. Ol halky arap zulumyndan azat bolmak ugrundaky aýgytly göreşe çagyrypdyr. Halk köpçüligine azatlyk bermegi wada edipdir. Onuň goşuny daýhanlardan, hünärmentlerden, şäher garyplaryndan düzülipdir, feodallar hem öz bähbitlern üçin birbada olary goldapdyr. 9 asyryň 30 ýyllarynda Babegiň gozgalaňy has giň gerime eýe bolup, ol tutuş Azerbaýjana, Günbatar Eýrana, Gündogar Ermenistana ýaýrapdyr. Babegiň nökerleriniň sany 300 müňe etipdir. Halif Babegi iň howply duşman hasaplap, 835 ýylynda onuň garşysyna köp goşuna baş edip belli serkerdesi Haýdar ibn Kowusy iberipdir. Gazaply çaknyşyklardan soňra 837 ýylynyň güýzünde hürremitlernň Badz galasy araplar tarapyndan eýelenipdir. Babek ýesir alnyp, 4 sentýabrda gynalyp öldürilipdir. Ol ölmeziniň öň ýanynda: «Men armanly, çünki bu itleriň hemmesinn ýok edip bilmedim» diýipdir. Babegiň gozgalaňy ýeňlişe sezewar bolsa-da, Ýakyn Gündogarda iň güýçli hereketleriň biri bolup, Arap halifatynyň ýykylmagyny tizleşdiripdir.