Babahoja şorlugy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

BABAHOJA ŞORLUGY — Hazaryň suwunyn yza çekilmegi zerarly, onuň ozalky aýlagynyň ýerinde dörän şorluk. Ol ýurdumyzyň günbatarynda Balkan daglarynyň eteginde ýerleşýär. Onuň ini 40 km, uzynlygy 50 km, meýdany 2000 km2 barabar. 1836 ýylynda bu ýerde gidrografik ölçeg geçirilipdir. Babahoja şorlugynyň iň pes ýeri deňiz derejesinden 27,6 m aşakda ýerleşýär. Babahoja şorlugyndan 60 ýylyndan bäri nahar duzy alynýar.