Baýmuhammet Düýeji

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Eýranyň at gazanan woleýbolçylaryndan biri bolan Baýmuhammet Düýeji Türkmensähranyň Kümmet Gowuz etrabynda dünýä geldi.

1981-nji ýylda Kümmet Gowuz woleýbol topary bilen woleýbola başlan Baýmuhammet Mazandaran welaýatynyň topary bilen Eýranýň premýer ligasynda 1-nji orunu eýeledi.

1982-nji ýylda Eýranýň milli toparynda top oýnan Baýmuhammet aglabasy Türkmen bolan Mazandaran welaýatynyň topary bilen 4 gezek Eýranda birinji boldy.

2 ýyl Zowb Ahan İsfahan toparynda, 2 ýyl Bank Saderat toparynda, bir ýyl Esteghlal toparynda oýanan Baýmuhammet Düýeji1987-nji ýyldan bäri woleýbol toparlarynda tälimçi hökmünde işleýär.

Ýaşlar Asia ýaryşlarynda Eýran toparyny birinjilige gowuşdyran Düýeji şu wagt Kümmet Gowuzyň Jewahiri woleýbol toparynyň tälimçisi.