Abadan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Büzmeýin sahypasyndan gönükdirildi)
[takyklamasyz]
Büzmeýin etraby
Ýurt
Türkmenistan
Sebit
Ahal welaýaty
Koordinatlar
Düýbi tutuldy
Öňki ady
Abadan
Ilat
42 868
Sagat guşaklygy
Karta
Karta
Abadan
  1. Büzmeýin şäheri 1963-nji ýylda döredilip, ol Türkmenistanyň iň uly gurluşyk materiýallar öndürýän merkezidir. Ilaty 40,3 müň adam. (1999). Şonuň ýalyda, Büzmeýin GRES-i, gurluşyk materiýallar, öý gurluşyk, haly kombinatlary, tomat-konserw zawody we beýleki kärhanalar bar. Ýakyn geljekde şäherde kagyz-karton fabrigi gurlar.

Şu wagtky ady Büzmeýin. Büzmeýin şäheri Aşgabatdan 18 km günbatarda yerleşyär. Ol Aşgabada golay ýerleşen senagat merkezi hasap lanýar. Iki şäherin arasynda jebis önümçilik gatnaşygy amala aşyrylýar. Şäher yurdumyzda gurluşyk materiallary önümçiliginin ösen merkezidir. Bu yerde şol pudagyň birnäce uly kärhanasy yerleşyär. Abadan şäherinde Saparmyrat Nyýazow adyndaky DES-i, turba zawody, gurluşyk materiallary, öý gurluşyk kombinatlary, ak toýun öndürýän kärhana, egirme-dokma we haly fabrikleri, tomat-konserwa, çakyr, piwo zawodlary hereket edýär. Şäherin Ruhabat we Gökdepe etraplarynyň ilaty üçin ykdysady-durmuş merkez hökmünde ähmiýeti uludyr. Onun çäginde söwda we durmuş-medeni maksatly kärhana- laryň onlarçasy işleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda şäherin bi- nagärlik keşbi özgerdi, ekologik ýagdaýy gowulandy. Ekolo gik taýdan zyýanly önümçilik kärhanalary şäherin daşyna cykaryldy, täze durmuş-medeni edaralar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Büzmeýinde 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanda ilkinji gezek açylan "Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş" desgasy Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan açylyp ulanylmaga berildi.

Ulanylan ceşmeler[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň 8-nji klas okuwçylarynyň kitaplaryndan alyndy

2. Abadan (sözüň manysy) - 1) Ýerbe-ýer, abat, şikessiz. 2) Parahat, dynç, agzybir. (Çeşme- Türkmen diliniň sözlügi, Aşgabat, 1962ý)