Bütindünýä Söwda Guramasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
World Trade Organization Members.svg

     Bütindünýä Söwda Guramasyna agza döwletler      Ýewropa Bileleşigine hem-de Bütindünýä Söwda Guramasyna agza döwletler      Gözegçi döwletler      Agza bolmaýan döwletler

Gerbi

Türkmenistan Bütündünýa söwda guramasyna (WTO) girse näme bolar?[üýtget]

Bilişimiz ýaly Türkmenistan bütündünýä söwda guramasy (World Trade Organization) agza bolmak üçin arzasyny berdi. We ýakyn wagtda Merkezi aziýa döwletlerinden Täjikistan hem bu guramnyñ agzasy boldy. Hakykatdan hem Türkmenistanyñ şol gurama agza bolmak üçin arza bermegi, şol guramanyñ içinde bolmagy biziñ üçin ýurdumyz üçin, Türkmen halky üçin oňyn täzelik diýip aýdyp bileris.

Türkmenistan garaşsyzlygy alanyndan soñky 20 ýyl içinde durnuklylyk strategiýasy bilen ýol aldy we öñümüzdäki 20 ýyllyk wagtda bolsa dünýä ýüzüne açylyp söwda babatynda we beýleki pudaklarda Türkmenistany ösdürmek we ösen döwletleriñ hataryna goşmak strategiýasy berjaý edilýär diýip öñki ýazgylarymyñ birinde hem belläp geçipdim.

Eýsem egerde arzamyz kabul edilip Bütündünýä söwda guramasyna agza bolsak Türkmenistan üçin nähili peýdalary we zyýanlary bolup biler şol barada az kem aýdalyñ. Aýdyp bellemek gerek, egerde şol guramanyñ agzasy bolsak meñ pikirime görä Türkmenistan üçin uly bir özgerme bolar diýip pikir etýän. Zyýanly tarapy hakynda kän pikir edip otyramok sebäbi biziñ üçin howply bolaýjak zyýanly tarapyny göremok.

Peýdalary barada bolsa örän kän zat aýtmak bolar, häzirki wagta çenli bu gurama agza bolan ýurtlaryñ sany 159, ýagny birinji bilenä agza bolan ýagdaýyñda guramanyñ hem hemaýat etmeginde şol 159 ýurduñ barysy bilen örän peýdaly boljak söwda aragatnaşygy edip boljakdygy we guramanyn giňişligindäki amatlykdan peýdalanyp biljegi hemmämize mälim. We häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ýüzünde maýadarlaryñ ünsini özüne çekmegi başardy, dünýäniñ dört künjeginden daşary ýurt maýadarlary Türkmenistanda maýa goýum işlerini alyp barmak we bu ugurda amatly şertleriň döredilmegi üçin uly isleg bildirýärler.

Şu wagt Türkmenistan syýasy ýagdaýynyň durnuklylygy we çig mal baýlygy esasynda dünýäde maýa goýumlaryny çekmek potensiýaly hemde daşary ýurt maýadarlarynyň gyzyklanmak derejesi boýunça 12-nji ýerde barýar. Şeýle uly potensial barka bu gurama agza bolmak tortyñ üstüne gülüni goýmak ýaly bolýa ýagny hemme işler tamamlanyp diñe bezegi hökmünde gül bolup durýar. Birinji bilen Türkmenistanda senagat pudagy soñky döwürde ösüp başlady ýagny entek doly derejede ösmedik we şol 159 ýurt bilen boljak söwda aragatnaşygy netijesinde senagat pudagynda uly özgertmeleriñ boljakdygyny aýdyp bilers, we bu ýagdaý Türkmenistanyñ içindäki ýerli maýadarlara hem uly peýdaly iş bolup durýar. Sebäbi söwda babatynda elbetde hökümediñ hem goldawy bilen ýerine ýetiriljek kärhanalar arasyndaky ýaryş Türkmenistanda hem senagat pudagyny hemde ýerli maýadarlary we şol bir wagtyñ özünde Türkmen hususy kärhanalarynyñ hem uly kämillik derejesine ýetjekdigini aýdyp bileris.

Mundan başgada Türkmenistanyñ dünýäde nebit we gaz babatyndan baý döwlet hasaplanýar we nebit we nebit önümlerini has oñat işläp bütündünýä söwda guramasyna agza ýurtlaryñ hemmesine satmak barada uly mümkinçilik boljakdygyny aýdyp bileris.

Ondan daşary guramanyñ Türkmenistanda geçirjek çäreleri netijesinde Türkmenistana daşary ýurtly turistlary çekmek barada uly işler alynyp barlyp biler. Elbetde dünýä açylmak gerek sebäbi häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde gaty bir tanalyp barylýan ýurt däl şonuñ üçin ýurduñ reklamasyny etmek gerek, reklama üçin bolsa şeýle halkara geçiriljek çäreler uly mümkinçilik bolup durýar. Mysal üçin 2017 Aziýa Olimpiýadalary Türkmenistanyñ diñe bir turistik pudagy babatynda däl eýsem hemme taraplaýyn örän oñar pursat.

Elbetde bu gurama agza bolmagyñ howply boljakdygyna ynanýanlar hem bar Türkmenistana ägirt uly derejede azyk girse, ýada uly möçberde azyk önümleri daşary ýurda gitse ondan onyñ barlagy kyn bolar diýýänler hem bar, emma bu babatda men Türkmenistan hökümediniñ barlag işlerini erjellik bilen alyp barjakdygyna ynanýan. Şeýle hem biziň karhanalarymyzyň öndürýän önümleri daşary yurt önümleri bilen ýaryşyp bilmez we kärhanalarymyz batar diýýänler hem bar, ýöne dünýä açylan döwletleriň mysalyny alyp görsek, olaryň kompaniyalary erkin bazaryň bäsleşikli şertlerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge öwrenişdiler , bu prosess 1-2 yylda dälde ençeme ýyllara çekdi we netijede hiç hili howply ýagdaý bolmaz diýip pikir etýän.

Bu babatda siziñ hem pikirleriñizi bilmek isleýärin?!