Mazmuna geçiň

Itburun

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Bägül sahypasyndan gönükdirildi)

Itburun (ýabany bägül). Itburun Köpetdagyň jül gelerinde, eňňitlerinde, çeşmeleriniň boýlarynda ýygy-ýygydan duş gelýän gyrymsy ösümlikdir. Gülleýän döwründe onuň özüne çekiji örän owadan gülleri bolany üçin ony seýilgählerde, howlularda we köçeleriň ugurlarynda köp ekýärler. Itburunyň baldagy düýbünden şahalanandyr. Onuň agaçjymak baldaklary bolýar. Baldaklarynyň daşynda örän köp ýiti tikenler emele gelýär. Itburunyň ýapraklary çylşyrymlydyr. Ýaprak sapagynyň her birinde bäş ýada ýedi sany ownuk dişli ýaprajyklar ýerleşýär. Ýaprak sapagynyň gutaran ýerindäki täk ýaprajykdan beýleki ýaprajyklar birbiriniň garşysynda jübütjübütden ýerleşýär. Şunuň ýaly çylşyrymly ýapraklara täk ýelek şekilli ýapraklar diýilýär. Her bir çylşyrymly ýapragyň düýbünde bir jübüt ýaprak ýanlary bolýar. Tomsuň başynda itburunyň gyzgylt, ak, sary, hoşboý ysly gülleri açylyp başlaýar. Gülüň düýbünde tüýjerip ösen giň gül ýatagy bolup, onda gülüň beýleki bölekleri ýerleşýär. Gülüň bäş sany ýaşyl okara ýapragy we bäş sany gül ýapragy bardyr. Itburunyň görnüşine baglylyk da gül ýapragy gyzgylt, ak, sary reňkde bolýar. Gülüň içinde köp sanly tyçinkalar we miwelik ýerleşendir. Miwelikleriň düwünçekleri güýçli ösen gül ýatagynyň içinde gizlenendir. Itburunyň güllerinde şire bolmaýar. Şeýle bolsada onuň gülleri mörmöjekler, ylaýtada dürli tomzaklar arkaly tozanlanýar. Olar tyçinkalarda emele gelýän köp sanly tozanjyklardan iýmitlenýär. Tozanlanma we tohumlanma geçenden soň gülleriň ýerinde açyk gyrmyzy reňkde miwe emele gelýär. Ol güýzüň başynda bişip ýetişýär. Itburunyň ýalan miweleri bolýar. Miwäniň daşky etlek bölegi gül ýatagyndan emele gelip, onuň içinde köp mukdarda ak reňkli, uşajyk hozjagazlar bardyr. Olar itburunyň hakyky miweleri bolup, gülüň gül ýatagynyň içinde ýerleşýän miwelikleriň düwünçeklerinden emele gelýär. Ýalan miwäniň etlek böleginiň turşumtykdan süýji tagamy bolýar. Onuň miwesiniň düzüminde adamyň saglygy üçin gerekli köp mukdarda witaminler saklanýar. Şonuň üçin itburuna «witaminleriň sandygy» hem diýýärler. Itburundan alynýan dermanlyk maddalar adamyň içki organlarynda döreýän keselleriň köpüsini bejermek üçin ulanylýar. Onuň gül ýapraklaryndan müreppe taýýarlaýarlar. Köpetdagyň jülgelerinde we eňňitlerinde bägül güllüler maşgalasyna degişli örän köp iriýmişli ýabany ösümlikler ösýär. Olar ajaýyp tebigy bagçylygy emele getirýärler. Şeýle ösümlikleriň biri hem Türkmenistanyň dag tokaýlyklarynda ýygy-ýygydan duş gelýan ýabany alçadyr. Olaryň käbirleriniň boýy 3–4 me çenli ýetýär. Ýabany alçanyň sary, gyzgylt, goýy gyzyl, goýy gök, gara reňklerde şireli miweleri bolýar. Miweleri şeker, limon kislotasyna we witaminlere baýdyr. Alçanyň miwesi iýmit üçin peýdalanylýar. Ondan süýji mürepbe we toşap taýýarlanylýar. Köpetdagyň derelerinde we çeşmeleriniň boýlarynda, birnäçe kilometre uzalyp gidýän tokaýlyklaryň içinde tikenli böwürslenler ýygyýygydan duş gelýär. Tomus aýlarynda olaryň bulaşyk, sallanyşyp duran şahalarynyň üstlerinde örän köp mukdarda owadan ak güllerini görmek bolýar. Böwürsleniň miwesi awgust aýynda bişip ýetişýär. Onuň çylşyrymly miwesi bolup, birnäçe ownuk şänikli miwejiklerden ybaratdyr. Böwürsleniň suwly we turşumtykdan süýji miwelerinden mürepbe we beýleki iýmit önümleri taýýarlanylýar. Ony derman üçin hem ulanýarlar. Ýokarda öwrenilip geçilenlerden başgada bägül güllüler maşgalasyna ýabany alma, badam, ýemşen, alyç, beýi we beýlekiler degişlidir. Olaryň ählisi iýmit üçin ulanylýan gymmatly ösümliklerdir. Olaryň ählisi aýawly saklanmaga mynasyp ösümliklerdir.