Ata Atajanow
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Atajanow Ata (1922-1989 ýý.)
Ýazyjy, şahyr, dramaturg Ata Atajanow 1922-nji ýylyň 15-nji dekabyrynda Mary etrabynyň ikinji Gökje obasynda mugallym maşgalasynda dünýä inýär. Ýedi ýaşyna çenli ene-atasynyň elinde terbiýelenip, soňra obalaryndaky mekdepde okaýar. 1934-1938-nji ýyllar Daşkentdäki pedagogik tehnikumda, 1938-1939-njy ýyllar Aşgabatdaky pedagogik institutda, 1949-1952-nji Ýokary partiýa mekdebinde, 1959-1960-njy ýyllar Ýokary edebiýat kursunda okap ýazyjylygynyň inçe syrlaryny özleşdirýär. Şahyr ilki mugallymçylyk, soň metbugat işinde işleýär. Mary oblastynyň “Lenin baýdagy” gazetinde, radio habarçysy, “Ýaş kommunist” gazetiniň redaktorynyň orunbasary redaktory, soňra Krasnowodskiniň oblast gazetiniň soň “Sowet Türkmenistany” gazetiniň redaktory şeýle-de “Sowet edebiýaty” žurnalynyň bölüm müdiri, redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işleýär. Ýazyjy döredijilik işine 1941-nji ýylda başlaýar. Ilkinji goşgusy “Täze ýyl geldi” ady bilen Tagtabazaryň raýon gazetinde çap edilýär. Onuň “Hoş gal eziz obam”, “Ölmejek joýa”, “Ýeňiş”, “Ýar sary uç guşum”, “Çykda seret ýollara”, “Näbelli gahryman” ýaly birnäçe goşgulary Beýik watançylyk urşy baradadyr. A.Atajanowyň “Alma ýene gülleýär”, “Türkmenistan bahary”, “Arzyly myhman”, “Ädimme ädim”, “Sallançagym sähra meniň”, “Aýly agşam” atly kitaplarynyň awtorydyr. Türkmenistanyň prozasyny ösdüren “Çakmak”, “Öz tanyşlaryň”, “Halyň niçik Ýaran”, “Teke gyzy Tatýana”, ýaly romanlary durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. A. Atajanow ökde terjimeçidir (Puşkiniň, Twardowskiniň, Polewoýyň we baş eserlerini terjime eden).
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |