Astrid Lindgren

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Astrid Lindgren

(1907-2002)

Şwed ýazyjysy Astrid Anna Emiliýa Lindgren 1907-nji ýylyň 14-nji noýabrynda, Şwesiýanyň Günortasyndaky Wimmerbýu atly kiçeňräk şäherçede, fermeriň maşgalasynda dünýä inipdir. Ýazyjynyň «Meniň toslamalarym» (1971) atly awtobiografik oçerkler ýygyndysynda ýatlap geçişi ýaly, ol bagtly çagalyk ýyllaryny agzybir maşgalasy bilen Wimmerbýunyň gözel tebigatynyň içinde ýaşap geçiripdir we bu ýerler baradaky ýatlamalar onuň döredijiligine bütin ömür ylham çeşmesi bolup galypdyr. Çaga wagty gyzjagaza halk döredijiliginden dürli eserler, ertekiler okap beripdirler. Ertekileriň jadyly dünýäsi gyzjagazy özüne ömürlik bendi edipdir. Ol eýýäm mekdepde okap ýören wagty öz zehinini görkezmegi başarypdyr. Bu ýerde ony «Wimmerbýunyň Selma Lagerlöfi» diýip atlandyrypdyrlar.

16 ýaşynda Astrid Lindgren «Wimmerbýu Tidningen» gazetine galamgär bolup işe girýär, iki ýyldan soň bolsa Stokgolma göçýär we durmuşa çykyp, ömrüniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşaýar.

Astrid Lindgreniň ilkinji belli eseri «Peppi Uzynjorap» 1945-nji ýylda, birnäçe çaphanalar golýazmany yzyna gaýtaranlaryndan soň, «Raben we Şögren» neşirýatynda çap edilýär we dessine ýazyja meşhurlyk getirýär. Şol ýyl hem bu neşirýat Lindgrene çagalar edebiýatynyň redaktory wezipesini hödürleýär. Ýazyjy 1970-nji ýyla, tä pensiýa çykýança bu wezipede işläpdir.

Agyr redaktorlyk işine garamazdan, Astrid Lindgren döredijilik öndümligini togtatmaýar. «Kalle Blümkwistiň başdan geçirmeleri» trilogiýasy (1946; 1951; 1953), «Mio, meniň Miom!» (1954), «Körpe we üçekde ýaşaýan Karlson» trilogiýasy (1955; 1962; 1968), «Ýolbars ýürekli doganlar» (1973) we beýleki powestleri hem ertekileri yzly-yzyna peýda bolup, ýazyjynyň adyny bütin dünýä meşhur edýär. Astrid Lindgreni Şwesiýada örän hormatlapdyrlar, çünki ýazyjy halkyň asuda ýaşaýşy üçin, çagalaryň dogry terbiýesi üçin, tebigaty goramak üçin irginsiz göreşipdir. Ol öz döredijiligi we haýyr-sogap edijiligi bilen Hans Kristian Andersen medalyna, Russiýanyň Lew Tolstoý medalyna, Çiliniň Gabriela Mistral we Şwesiýanyň Selma Lagerlöf premiýalaryna, Şwesiýanyň edebiýat boýunça döwlet premiýasyna, nemes çaphanalarynyň Parahatçylyk premiýasyna we başga-da birnäçe uly sylaglara mynasyp boldy.

Bütin ömrüni parahatçylyk üçin göreşip, mätäçlere ýardam berip geçiren Astrid Lindgren 2002-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, Stokgolmda aradan çykdy. Onuň ertekileri 70-den gowrak dillere terjime edilip, bütin dünýäde iň söýülip okalýan eserleriň hataryna goşuldy.