Angola we Mozambik

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Angola Mozamik 500 ýyla golaý portugal eýeçiligi bolmak bilen ykdysady ösüşi ilatyň garyplygy, gul söwdasy boýunça afrikanyň beýleki bakna ýurtlary bilen deňeşdirende hasda yza galakdy.ХХ asyryň başlarynda hem ýer işläp bermegiň iň ýönekeý, ýagny azal künde bilen işlemek dowam edýärdi. Obalarda urug gatnaşyklary, ýerleri onşina (umumy) eýeçilik saklanyp galypdy.

Partugallar Afrikanyň kenarlarynda XV asyryň ahyrynda peýda bolsalarda, onuň jümmüşine aralaşmak diňe birinji jahan urşundan soň mümkin boldy. Administratiw dolandyryş 1926 ýylda Portugaliýada Salazaryň faşistik düzgüni dikeldilenden soň emele gelýär.

1930 ýylyň ylalaşygyna görä Angolada we mozambikde häkimýet dolulygyna Portugaliýanyň ministrler sowetine degişli bolýar. Ähli wezipeleri diňe portugallar eýeläpdirler. Portugaliýanyň baknadarlyk syýasatynyň esasy maksady, ählumumy meňzeşligi jar etmekdi. Doly hukukly portugal raýaty bolmak üçin, ýerli ilat portugal dilini bilmelidi ýazmagy, okamagy başarmaly hristiançylygy kabul etmeli, harby gullugy geçmeli, özüni we maşgalasyny üpjün eder ýaly girdesi bolmaly, “ýewropa durmuş obrazyny” alyp barmalydy. Ýagny bir söz bilen aýdanda külli däp-dessurlaryndan ýüz öwürmelidi. Netijede 10 mln ilatdan diňe 35 müňi (1950) medeniýet” hataryna geçipdir.

1928 ýylyň zähmet hakyndaky kanunyna laýyklykda ýeke-täk çäklendirme girizilipdirler: Ýagny mejbury zähmet diňe jemgyýetçilik gyzyklanmalary üçin peýdalanmaly bolupdyr.

Kanun boýunça zähmetiň üç görnüşi girizilipdir:”hökmany” ýa-da “jemgyýetçilik işi”, “ şertnamalaýyn”, “meýletin” zähmet. Ýöne olaryň arasynda känbir tapawut bolmandyr. Portugal bakna ýerlerinde her ýyl erkek adamlar üçin alty aý zähmet borçlulygy girizilipdir.

Kontraktyň dowamynda gullaryň işi hakykatda “şertnamalaşan” bolupdyr.

Olar akýagyz işçilerden on esse az iç hakyny alypdyrlar. Ähli ýerde orta asyr ten jezasy giň ýaýrapdyr.

Angoladaky baş polisýanyň işkäri Enriko Galwaonyň hökümeti beren hasabynda “afrikalalaryň ýagdaýy hatda gullaryňkydan hem erbet” diýip görkezýär.

Mozibbikden we Angoladan dürli ýerlerde işlemek üçin ýüz müňlerçe adamlar ýurduň çäginden daşary çykarlypdyr. 5—nji ýyllarda watanynnyň çäginden daşarda işleýän adamlaryň sany göterim hasabynda alnanda Mozambik Afrikada birinji orny eýeleýärdi. Olar magdan känlerinde agyr şertlerde ýaşap, dürli keselleriň ýaýramagyna getiripdir. Işçi güýjüni satmak portugallar üçin iň daşary ýurt wolýutasyny almakda möhüm çeşmeleriň biri bolupdyr.

Kotraklaşan-mejbury zähmetiň esasy görnüşi bolup, “Kontraklaşan” we “meýletin” zähmetiň arasynda odiýen tapawun bolmandyr. “Meýletin” zähmet öýüniň töweregiňde alynyp barylypdyr.