Altyn Asyr GSM

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Altyn Asyr Öýjükli Aragatnaşyk Kärhanasy - Türkmenistanda mobil aragatnaşygy TM Cell brendinde hyzmat edýän öýjükli aragatnaşyk kärhanasy. 2011-2012-nji ýyl aralykda we 2017-nji ýyldan şu güne çenli MTS Türkmenistan ýapylandan soň, Türkmenistanda mobil aragatnaşygy üpjün edýän ýeke-täk kompaniýa bolup durýar.

Tipi Ýapyk Paýdarlar jemgyýeti
Dörän ýyly 2004
Ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheri, Türkmenistan
Önümi Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary
Arassa girdeýji Belli däl
Müşderi sany 5 million 500 müň müşderi.[1].
Saýty www.tmcell.tm
SIM-kart

Umumy maglumatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Kärhananyň esasy funksiýalary şulardan ybarat:

  • Müşderileri mobil öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmek;
  • Öýjükli aragatnaşyk kanallary ulanmak we olaryň işjeňligini üpjün etmek.

Operatoryň müşderilere ses aragatnaşykdan daşary SMS, MMS we GPRS hyzmatlary hem elýeterli.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

2004

«Аltyn Asyr» kompaniýasy - Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň kärhanasy döredildi. Kompaniýa GSM standartynyň öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň agzasy boldy, ol ýerde 438 02 indeksli «ТМ CELL» öýjükli aragatnaşyk ulgamy hasaba alyndy. 2005, aprel

Aşgabatda öýjükli aragatnaşygyň milli ulgamyna ilkinji ýarym müň müşderiler birikdirildi. Sygymlylygy 50000 belgili enjamy «Siemens AG» nemes kompaniýasy getirdi. 2010

«Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory ilkinji bolup Türkmenistanda UMTS standartyň 3G üçünji görnüşini ulanyşa girizdi. 2010, aprel

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşygy ulanýan müşderileriň sany ýarym milliona ýetdi. 2012

«Аltyn Asyr» Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda halkara roumingiň hyzmatlaryny edýär. Rouming ylalaşyklary iri daşary ýurt operatorlary, şol sanda Wympelkom («Beeline» söwda nyşany: Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan, Gazagystan), МTS (Russiýa, Belarussiýa, Ukraina, Ermenistan), T-Mobile (Germaniýa), Vodafone (Katar), MegaCom (Gyrgyzystan) we beýlekiler. 2012, oktýabr

«Altyn Asyr» 3 milliondan gowrak adama hyzmat edýär. 2012-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 217-nji jaýy salgysy boýunça “Altyn Asyr” kompaniýasynyň täze binasy açyldy. Täze binanyň umumy meýdany 10 müň inedördül metre golaý. Ol ýerde aşakdakylar ýerleşdirildi: poçta; telegraf; öýjükli, şäher we halkara aragatnaşyk, hyzmatlary şeýle hem internet üçin töleg kassalary; internet-kafe; gije-gündiz sorag-jogap gullugy; müşderilere hyzmat ediş merkezi.

2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekmek bilen, “Altyn Asyr” döwlet kompaniýasyna Huawei, NokiaSiemensNetworks kompaniýalary bilen telekommunikasiýa enjamlaryny satyn almak we gurnamak hakyndaky şertnamalary baglaşmaga rugsat etdi. Ondan başga-da, “Wostoçnyý weter” kompaniýasy bilen hem ACP Easwind hasaplaşyklar ulgamynyň müşderi ygtyýarnamasynyň göwrümini artdyrmak, öýjükli aragatnaşygyň goşmaça hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin tehniki kömegi etmek hakynda şertnamalar baglaşyldy. Bu çäreler TMCELL öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we ilata aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi. 2012-nji ýylyň 19-njy noýabry

Türkmenistanyň Prezidenti öýjükli aragatnaşyk ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrligine “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmegi we kesgitlenilen tertipde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmegi tabşyryk berip, Karara gol çekdi. 2013-nji ýylyň 3-njy ýanwary

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýeti döredildi. Aragatnaşyk Ministrliginde Ykdysadyýet we ösüş Ministrliginiň, maliýe Ministrligiň, Ýokary gözegçilik palatasynyň, Merkezi bankyň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijileriň Maslahatynda, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň «Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek we «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda karar kabul edildi. Maslahatyň dowamynda dörediş şertnamasyna gol çekmek, täze kärhananyň tertipnamasyny we maýalyk goruny tassyklamak, şeýle hem baş direktory, direktorlar maslahatyny we derňew toparyny saýlamak bilen bagly birnäçe meselelere seredildi.

3G[düzet | çeşmäni düzet]

2010-njy ýyldan başlap "Altyn Asyr" ÝPJ-nyň müşderileri UMTS standartda işleýän ulgamy ulanmaklyga mümkinçilik aldylar.[2].

4G[düzet | çeşmäni düzet]

2013-nji ýylyň 18-nji sentýabrdan başlap, "Altyn Asyr" ÝPJ-nyň müşderileri LTE standartda işleýän ulgamy ulanmaklyga mümkinçilik aldylar. [3].

Bellikler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Число абонентов оператора сотовой связи «Алтын Асыр» достигло полумиллиона
  2. http://wimax.livebusiness.ru/tags/ALTYN_ASYR_3G/[permanent dead link] Türkmenistanda 3G ulgamy ornaşdyrylýar (rusça)
  3. http://www.tmcell.tm/tk-TM/news-lte-start/ Archived 2014-10-10 at the Wayback Machine TMCELL öz abonentlerini LTE ulgamyna birikdirip başlaýar

Sepler[düzet | çeşmäni düzet]