Algir 1918-1939 ýyllarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ХХ asyryň başlarynda Algir Fransiýanyň baknasydy. 1-jahan urşy döwründe Fransiýa Algiriň ilatyny tyl işlerinde mejbury ýagdaýda giňden peýdalanypdyr. Algir halky hukuksyz diýen ýaly bolupdyr. 1919 ýylda fransuz hökümýeti fransuzlar bilen algirleriň arasyndaky salgyt tapawudyny ýatyrmak barada kanun çykarýar. Şol kanun Algiriň iri ýer eýeleri, söwdägerleri, intelgensiýasy ýerli dolandyryş guramalaryna saýlawlara gatnaşmaga umyt edipdirler. Muňa seretmezden deňhukuklyk bolmandyr. Öňki ýaly araplar, berberler, Algirde ýaşaýan fransuzlar bolsa Fransiýanyň raýatlary diýip atlandyrypdyr. Şeýlelikde 1989 ýylyň kanuny hiç hili ýeňillik, deňhukuklyk bermeýär. Algiriň milli işewürler gatlagy bolsa parahatçylyk ýoly bilen öz hukuklarynyň giňeldilmegine umyt baglaýardy.

Emir Halid 1920 ýylda “Ýaş algirli” partiýasyny esaslandyrýar. Ol birinji jahan urşy döwründe fransuz goşunynda serkerdelik edýär.

Bu partiýa algirlileriň we fransuzlaryň deňligini, Algiriň ýerli ilatyndan Fransiýanyň Parlamentinde wekilleriň bolmagyny talap edýär.

1927 ýylda Musulmanlaryň federasiýasy döredilipdir. Bu gurama ýerli ilaty baknadarlara garşy göreşe çagyrypdyr. Şeýle-de algir ulamalarynyň birleşigi guramasy milli medeniýetiň we diliň ösdürilmegi, bilimiň dürli pudagynda hünärmenleri taýýarlamak üçin milli mekdepleriň döredilmegi ugrunda göreşipdir.

1929 1933 ýylllaryň dünýä ykdysady çökçünligi Algiriň ykdysadyýetine agyr täsir edipdir, işsizleriň sany artýar, önümleriň öndürilişi pese gaçýar. Dört ýyla çeken gurakçylyk zerarly mallaryň 80% heläk bolýar. Bu hem maldarlaryň tozmagyna getirýär . Algirlileriň müňlerçesi Fransiýa gidipdirler, ýöne höküet olary yzyna gaýtarypdyr.

1934 ýylda Algir kommunistik partiýasy döreýär. Bu partiýa ýurtdan fransuz goşunlarynyň çykarylmagyny, milli garaşsyzlygyň berilmegini talap edýär. Şeýlede ykdysady talaplary hem öňe sürüpdirler. Halk bitewlik komiteti döredilip, demokratik güýçleriň birleşip, bitewi fronty döretmek meselesini öňe sürüpdir.

1938 ýylda halk bitewlik komiteti germaniýanyň we Italiýanyň Demirgazyk Afrika ýakynlaşmagyna garşy iş alyp barýar. Milli azat edijilik hereketi ikinji jahan urşundan soň has-da güýçlenýär we 1962 ýylyň Gorkut aýynda Algir milli garaşsyzlygyna eýe bolýar.