Aleksandr Kuprin

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Aleksandr Ivanovich Kuprin.jpg

Aleksandr Iwanowiç Kuprin

(1870-1938)


Meşhur rus ýazyjysy Kuprin 1870-nji ýylda, Penzen guberniýasynyň Narowçat obasynda dünýä inýär. Kakasy çaga bir ýaşyndaka aradan çykanyndan soň, ejesi Aleksandry alyp Moskwa göçýär. Geljekki ýazyjynyň çagalyk hem ýetginjeklik ýyllary bu şäherde geçýär. Ol Moskwanyň harby gimnaziýasyny tamamlaýar, soňra Aleksandr harby uçilişesine okuwa girýär. Özüniň harby okuw jaýlarynda geçen ýaşlygyny ýatlap, birnäçe ýyl geçeninden soň ýazyjy “Kadetler” powestini we “Ýunkerler” romanyny döredýär. Eýýäm şol döwürde Kuprin şahyr ýa-da ýazyjy bolmagy arzuw edýän eken.

Kuprin ilki şygyr ýazypdyr, emma olar çap edilmän galýar. Ilkinji çap edilen eseri – “Iň soňky debýut” hekaýasy 1889-njy ýylda okyjylara ýetirilýär. Okuwyny gutaranyndan soň, Kuprin dört ýyllap harby gullukda bolýar. Ol esger durmuşy baradaky eserleri bilen, şol sanda hem “Garaňkylykda” powesti, “Aýly gijede”, “Derňew”, “Düşelge” hekaýalary bilen gazet-žurnallarda çykyş edip ugraýar. 1894-nji ýylda Kuprin gullukdan boşaýar. Ol Russiýanyň dürli şäherlerinde ýaşaýar, dürli kärlerde işläp görýär, eserleri üçin maglumat ýygnaýar. 90-njy ýyllarda onuň “Olesýa”, “Aldajy”,“Ket” powestleri çap edilýär. Bu ýyllar Kuprin Peterburga göçýär, Çehow, Bunin, Gorkiý ýaly ýazyjylar bilen tanyşýar.

1905-nji ýylda Kupriniň iň belli eseri – “Göreş” powesti çap edilýär. 1911-nji ýylda ýazan “Gyrmyzy bilezik” powestini ýazyjy özüniň iň gowy eseri hasaplaýar. Bu eserlerinden soň Kuprin öz döwrüniň iň söýülip okalýan ýazyjysyna öwrülýär. 1915-nji ýylda ýazan “Çukur” powestiniň daşynda örän uly jeddeller döreýär.

Ýazyjy rewolýusiýany kabul etmeýär, 1919-njy ýylda Fransiýa göçýär. Ýöne Watanyndan uzakda ol öňki eserleriniň derejesinde hiç zat döredip bilmändir. 1937-nji ýylda, agyr halda Russiýa dolanyp barýar, 1938-nji ýylda hem aradan çykýar. Ony beýik rus ýazyjysy IwanTurgenewiň ýanynda jaýlaýarlar.