Albert Eýnşteýn

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Albert Eýnşteýn

Albert Eýnşteýn (14 Mart 1879 – 18 April 1955) — Modern fizikanyň 2 sütüninden biri bolan[1] Otnositellik teoriýasyny; kwant teoriýasyny we statistk fizikany esaslandyran Germaniýada doglan fizik.[2]

Bilimi we zähmet ýoly[düzet | çeşmäni düzet]

1900-nji ýylda Sýurih politehnikumyny tamamlady. Ondan soňra ilki Winterturda, soňra Şafhauzende mugallym, Berndäki federal patent býurosynda ekspert (1902—1909); Sýurih uniwersitetinde professor (1909), Prussiýa we Bawariýa Ylymlar Akademiýasynyň agzasy (1913), Berlin uniwersitetiniň professory we fizika institutynyň direktory (1914) hökmünde işledi. Şol ýyllarda Eýnşteýn otnositellik teoriýasynyň, şöhlelenmäniň kwant teoriýasynyň, statistik fizikanyň, Broun hereketiniň we şöhlelenme teoriýalarynyň üstünde işledi. 1921-nji ýylda Fotoeffekt kanunlaryny açanlygy we teoretiki fizika baradaky işleri üçin Nobel baýragy bilen sylaglandyryldy.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 10, sah. 269

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Fujia Yang; Joseph H. Hamilton (2010). Modern Atomic and Nuclear Physics. World Scientific.
  2. Albert Eýnşteýniň biografiýasy - Nobel fondy.