Al-Faraby
Abu Nasyr Muhammet ibn Tarhan al-Faraby (870-950) — Orta aziýaly türk alym. Ol şol döwürde arap Gündogarynyň uly ylmy, dini, medeni merkezleri bolan Damask, Bagdat, Basra, Halap ýaly şäherlerinde terbiýe we ylym alypdyr. Öz döwrüniň bilimli, çuň döredijilik pikirli, paýhasly, akyly köp adamy: tebigaty öwreniji, matematik, lukman, astronom, sazanda, psiholog, din adamy, etik, sosiolog, himik, filosof bolupdyr. Ol adamzat biliminiň ähli ugurlaryny döredijilikli ele alypdyr we olaryň her birine önjeýli goşandyny goşupdyr. Alym ylymlaryň dürli pudaklaryna degişli 200-den gowrak iş ýazypdyr. Emma biziň günlerimize çenli onuň işleriniň diňe ujypsyzja bölegi gelip ýetipdir. Ýöne şolar-da onuň barlaglarynyň giňligine we çuňlugyna ynandyryjykly şaýatlyk edýär. Ol tebigy-ylmy, sosiologih we yslam dini mowzuklardan işler ýazyp, olarda öz döwrüniň öňde baryjy jemgyýet pikirlerini beýan edýär. Ol şol işlerinde tüýs döredijilik pikir-paýhasly, hakyky alym hökmünde çykyş edýär. Faraby arap dilinde şygyrlar hem ýazypdyr.
Ol 870-nji ýylda Türküstanyň Farab welaýatynyň “Wesiç” obasynda dünýä inipdir. Tebigat filosofiýasy bilen bir hatarda, metafiziki temalar bilen içgin gyzyklanan Merw mekdebine degişli bolupdyr. Musulman filosofiyasyň taryhynda sözüň doly manysynda filosofiki dünýägaraýşyň mysaly, nusgasy hökmünde kabul edilen Faraby, ykbalyny filosofiýa we ylma bagyş eden asuda, parahat häsiýeti bilen tanalan akyldardyr. Ylmy tälimine Bagdatda başlapdyr, öz ýurduna dolanyp kazylyk wezipesinde işläpdir. Filosofiýa bolan höwesini şahsy ylmy barlaglaryň netijeliligi bilen kanagatlandyrypdyr. Zamanasynyň esasy ylymlary bolan grammatika, arap edebiýaty (belagat), logika, arifmetika, aýdym-saz, geometriýa we astronomiýa degişli uly işleri geçiripdir. Tükmen, arap we pars dillerinden başga, assiriýalylaryň dilinden baş çykarandygy barada käbir maglumatlar getirilýär. Faraby, samany emiri Nuh ibn Samanyň çakylygy bilen Buhara barypdyr we emiriň haýyşy boýunça ilkinji musulman-türkmen filosofiýasynyň ensiklopediýasy bolan “el-Taglimus-sany” atly eserini ýazypdyr. Emma nämedir bir sebäpden bu eser, “samanylaryň” saraýynda çykan ýangynda ýanyp ýok bolupdyr. Häzirki wagtda şol eser barasynda düzümindäki temalardan başga hiç hili maglumat saklanyp galmandyr. Faraby şol eseriniň şähraty sebäpli ol “mugallimus-sany” (ikinji ussat diýlip kabul edilipdir. Birinjisi bolsa Aristotel hasaplanypdyr) lakamyna miýesser bolupdyr. Seýfuddöwläniň çakylygy boýunça Halp şäherine baran akyldar ömrüniň ahyrky ýyllaryny şol ýerde geçiripdir, ähmiýetli eserlerini hem bu ýerde taýýarlapdyr. Ylmy syýahatlarynyň birinde 950-nji ýylda Şamda aradan çykypdyr.