Akgala etraby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Akgala etraby (Parsça: شهرستان آق قلا) Eýranyň Gülistan welaýatynyň 13 etrabyndan biridir.

Bu etrap merkezi etrapça we vuşmgir etrapçasy bolmak bilen 2 etrapçadan ybaratdyr.

Merkezi etrapça Akaltyn, şih musa we gürgenboýy böleklerinden ybaratdyr.

Vuşmgir etrapçasy bolsa Günorta we Demirgazyk Mezre’e atly iki bölekden ybaratdyr.

Akgala etrabynyň Akgala we Ambarolum adynda iki şäheri bardyr, welaýatynyň yolagçy howa menzili Akgala şäheri bilen Gürgeniň arasynda, Akgalanyň 12 km. alysyndadyr.

Akgala etrabynyň 75 obasy bardyr.

Etrabyň raýatynyň sany 2006-nji ýylda 109.903 adamdyr.

Etrap demirgazykdan Türkmenistan serhedi bilen, gündogardan Kümmet Gowuz etraby bilen, günbatardan Bender Türkmen etraby bilen we günortadan Gürgen etraby bilen goňşydyr.

Pol- Inçeburun adyndaky gümrük geçelgesi bu etraba tabindir.