Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç
Doglan wagty we ýeri1962
Aşgabat şäheri
KäriTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
MilletiTürkmen

Agamyradow Pürli Nurmämmedowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Doglan senesi we ýeri[düzet | çeşmäni düzet]

1962-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti turkmen.

Bilimi we hünäri[düzet | çeşmäni düzet]

Ýokary bilimli. 1986-njy ýylda Türkmen halk hojalyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça ykdysatçy. Ykdysady ylymlaryň kandidaty.

Zähmet ýoly[düzet | çeşmäni düzet]

1979-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginde işçi bolup işe başlady. 1986-1990-njy ýyllarda Türkmen halk hojalyk institutynda mugallym bolup işledi.
1990-1993-nji ýyllarda Belarus döwlet ykdysady uniwersitetiniň aspiranty.
1993-2002-nji ýyllarda Türkmen halk hojalyk institutynyň uly mugallymy.
2002-2008-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň düzümlerinde ýolbaşçy wezipelerde işledi.
2008-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
04.2015-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň bilim ministri.
26.01.2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary[düzet | çeşmäni düzet]

  • «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly,
  • «Magtymguly Pyragy» medaly,
  • «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly,
  • «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
  • «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly.

Çeşmeler[düzet | çeşmäni düzet]

Edebiýat[düzet | çeşmäni düzet]

  • "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.2.