Adaty užownik

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Adaty užownik

Užownikler maşgalasy (ужовник обыкновенный)(lat. Ophioglossum vulgatum) — Ýagdaýy. Derejesi I (CR). Düýbünden ýitip barýan görnüş.

Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Ýeke-täk duşýan ýeri bilen belli ösümlik. Bezeg ähmiýetli.

Gysgaça beýany[düzet | çeşmäni düzet]

Boýy 10–15 sm bolan köpýyllyk ösümlik. Gysga porrugynda uzyn sapak şekilli kökjagazlaryň bogdagy ýerleşýär. Ýapragy köplenç ýeke bolup, ýaprak sapagynyň düýbi teňňe şekilli ýaprak gynyna öwrülen. Ýapragyň sporasyz bölegi etlek, ýumurtga şekilli, birneme daralan düýbi sporaly okly bölegi bilen gurşalan görnüşinde.

Ýaýraýşy[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta-Günbatar Köpetdag (Ýoldere jülgesi). Türkmenistandan daşarda — Krym, Kawkaz, Skandinawiýa, Demirgazyk Afrika, Günbatar Sibir.

Bitýän ýerleri[düzet | çeşmäni düzet]

Dagyň aşaky guşaklyklary,yzgarly we batgalyk ýerler, dag çeşmeleriniň kenar ýakalary.

Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy[düzet | çeşmäni düzet]

Az sanly. Soňky ýyllarda populýasiýalarda bäşe golaýy hasaba alyndy.

Esasy çäklendiriji sebäpler[düzet | çeşmäni düzet]

Ösýän ýerleriniň çeşmäniň suwy bilen ýuwulmagy, mal bakylmagy.

Biologiýasynyň aýratynlyklary[düzet | çeşmäni düzet]

Sporalar arkaly köpelýär. Ösüş döwri aprel aýynyň başyndan — awgust aýyna çenli dowam edýär. Sporalary iýul–awgust aýlarynda ýetişýär.

Gorag üçin görlen çäreler[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Sünt — Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar.

Gorag üçin zerur çäreler[düzet | çeşmäni düzet]

Ösýän ýerlerini aýratyn gözegçilikde saklamaly.

Barlaglar boýunça teklipler[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagynda ösdürip ýetişdirmeli. Täze duşýan ýerlerini gözlemeli, biologiýasyny we ekologiýasyny öwrenmeli.

Düzüjiler: O. Ý. Rahmanowa, J. Gurbanow