Mazmuna geçiň

Abylhaýyr Han (özbek)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Abylhaýyr Han
14121468.

Doglan ýeri näbelli
Aradan çykan ýeri näbelli
Jaýlanan ýeri näbelli
Özbek hany
Döwri 14281468
Özünden öň
Özünden soň Haydar Soltan
Asly
Dinastiýa
Kakasy
Ejesi
Maşgalasy
Ýanýoldaşy
Çagasy

Abylhaýyr Han (1412-68) - Jüçi neslinden bolan özbek hany (1428-68). Ol 1428 ýylda Turada (Günbatar Sibirde) han bolup, göçüp-gonup ýören özbekleriň feodal döwletini esaslandyrypdyr. Abylhaýyr han Sibirden Mawerannahra çenli bolan köp sanly taýpalary birleşdiripdir we Orta Aziýa aralaşmaga çalşypdyr. 1446 ýylda Temiritler döwleti bilen Mogolystanda içki feodal garşylyklar güýçlenipdir. Ol mundan peýdalanyp, 1447 ýylda Deşt we Gypjak sähralaryny Mawerannahr bilen birleşdirýän Syrderýa boýundaky birnäçe äherleri (Akgurgany, Arkugy, Üzgendi, Sygnagy, Suzagy) basyp alypdyr hem amatly söwda ýollaryna, ekerançylyk we öri meýdanlaryna eýe bolupdyr. Şondan soň Abylhaýyr han Temiritleriň içki göreşlerine gatyşyp başlapdyr. 1463-64 ýyllarda galmyklardan güýçli ýeňilýär. Abylhaýyr hanyň döreden döwleti özi ölenden soň dargaýar.