Abu Müslimiň gozgalaňy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

ABU MÜSLİMİŇ GOZGALAŇY - Orta Aziýada araplaryň agalygyna garşy gönükdirilen halk köpçüliginiň antifeodal hereketi. Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň halklary arap hökümdarlaryna garşy birnäçe gezek gozgalaň turzup, keseki ýurtly basybalyjylaryň ýigrenji häkimiýetini agdarjak bolup, köp güýç sarp edipdirler. Şeýle gozgalaňlaryň iň görnüklilerinden biri-de Abu Müslimiň gozgalaňy hasaplanýar. Abu Müslim görnükli goşun serkerdesi we uly döwlet işgäri bolupdyr. Abu Müslim gozgalaňy 747 ýylynda Marynyň eteklerinde başlanypdyr. Abu Müslim öz tarapdarlary bilen Marynyň günbatarynda ýerleşip, birnäçe berkitmeler döredipdir. Onuň esasy daýanç nokady Mahuwan obasy eken, bu ýerde ol dört aý bolupdyr. Abu Müslimiň çagyryşlary ýerli ilatyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Käbir obalaryň ilaty onuň ygtyýaryna 1000-2 golaý pyýada esger beripdirler. Arap basybalyjylaryna garşy göreşiň baýdagy astynda hemme synplaryň wekilleri birleşipdirler, daýhanlar we garyp senetçiler bilen bir hatarda Abu Müslimiň goşunynda söwdagärler hem, ýerli han-begleriň wekilleri hem bolupdyrlar. Abu Müslim özüniň hemme goşunyny dolandyrmak üçin Mahuwanda merkez döredipdir. Bu ýerde onuň goşunyna girýänleriň spisogy ýöredilipdir we her bir esgere belli bir mukdarda aýlyk berlipdir. Abu Müslimiň ýanyna gullar hem gelip, onuň düzýän goşunyna gatnaşmaga isleg bildiripdirler. Abu Müslim gullary hem kabul edipdir, emma olary goşunyň umumy bölegine girizmändir-de, olar üçin aýratyn bir lager gurapdyr. Gullar gozgalaňyň ýeňmegi netijesinde özleriniň ýagdaýynyň gowulanmagyny gazanmagy umyt edipdirler. Araplaryň taýpara duşmaçylygyndan peýdalanyp, Abu Müslim Maryny eýeläpdir. Soň gozgalaň has üstünlikli bolupdyr. Abu Müslimiň çagyryşyna Gündogar Horasanyň hemme şäherlerinden: Marydan, Saragtdan, Abiwertden, Nusaýdan, Hyratdan, Talkandan, Balhdan we başga şäherlerden gelipdirler; 100 müň adama golaý gozgalaňçy ýygnanypdyr. Abu Müslim merkezi hökümete garşy çykyş edipdir. Abu Müslim gozgalaňy Günbatar Eýrana we Yraga çaltlyk bilen ýaýrapdyr. Gozgalaňçylaryň goşunlary Tigr derýasynyň çep goşandynyň ýanynda halif Merwan II-niň goşunlary bilen çaknyşypdyr. Howul-hara toplanan we gerekli ýaraglar bilen üpjün edilip ýetişilmedik halif goşunlary Abu Müslim tarapyndan derbi-dagyn edilipdir. Merwan II az sanly goşuny bilen zordan gaçyp gutulypdyr. Soňra omeýýatlaryň tarapdarlary derbi-dagyn edilipdir, halif tagtdan düşürilipdir we tutulyp öldürilipdir. Şeýlelikde, halifatda häkimiýeti täze dinastiýa - Apbasitler dinastiýasy ele alypdyr. Täze dinastiýanyň wekilleri göreş wagtynda beren wadalaryny ýerine ýetirmändirler. Diňe ýerli han-begleriň ýagdaýy gowulanypdyr, olar araplar bilen bir hatarda döwleti dolandyrmak işine çekilipdirler. Emma salgytlaryň we borçlaryň agyr ýüki astynda horlanyp gelen zähmetkeş köpçüligine- daýhanlara we şäher senetçilerine dinastiýanyň çalyşmagy hiç hili ýeňillik getirmändir. Gaýtam, daýhanlaryň feodallara garaşlylygy öňküden hem artypdyr. Apbasitler halifatynyň halif Mansur (754-775) Abu Müslimi Horasanyň hökümdary wezipesine belläpdir. Emma halif Mansur ýurtda täzeden möwç alyp ugran gozgalaňlardan we Abu Müslimiň kalk köğçüligi arasyndaky şöhratyndan az howatyrlanmandyr. Şonuň üçin halif Mansuryň buýrugy bilen Abu Müslim dönüklik bilen öldürilipdir.