Abstraksiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Abstraksiýa (latin dilinde abstractio - göçme) - akyl ýetirişiň esasy formalaryndan biri. Abstraksiýa zatlaryň köp dürli häsiýetlerinden we özara gatnaşyklaryndan ýeke birini pikirde saýlap alyp şöhlelendirmeden, beýlekilerini ünsden düşürmeden ybaratdyr. Abstraksiýanyň netijesinde predmetiň düýp mazmuny, möhüm taraplary takyklanylýar, düşünjeler hem kategoriýalar döreýär. Ylmy logikada Abstraksiýa ýüzleýlik manysynda hem ulanylýar.