Absolýut nol

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Absolýut nol - absolýut temperaturany hasaplamagyň başlangyjy. Absolýut nol suwuň üçlük nokadynyň temperaturasyndan 273,16 K aşakda ýerleşýär. Absolýut nol maddanyň ideallaşdyrylan ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Sebäbi absolýut nol ýagdaýda maddanyň molekulalary tertipsiz ýylylyk hereketine eýe bolman, madda nolunjy energiýa eýe bolýar. Absolýut nola ýetmek mümkin däl, ýöne kiçi göwrümlerde oňa ýakyn temperatura alyp bolýar.