Abruý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Abruý

Abruý - 6-njy asyryň 80-nji ýyllarynda Sogdanyň (häzirki Buhara) territoriýasynda ýaşan ilatyň iň garyp gatlaklarynyň gozgalaňynyň baştutany. Ol gozgalaň iri ýer eýelerini we söwda aristokratiýasynyň garşysyna gönükdirilýär. Narşahynyň maglumatlaryna görä, Abruý Paýkendi basyp alyp, iri ýer eýelerine we söwda aristokratiýasyna garşy rehimsiz çäreleri geçirip başlaýar. Olar muňa çydaman Semirýeçýä gaçýarlar we türkleriň hökümdary Gara Çurinden kömek soraýarlar. Onuň iberen goşuny 585-nji ýylyň töwereginde gozgalaňçylary derbi-dagyn edýär.