Abrikosow Alekseý Iwanowiç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Abrikosow Alekseý Iwanowiç
Doglan wagty 1875
Okuwy Moskwa uniwersiteti

Abrikosow Alekseý Iwanowiç (1875-1955) - sowet patolog anatomy, SSSR Ylymlar Akademiýasynyň (1939) we SSSR MYA-nyň akademigi (1944), Sossialistik Zähmetiň Gahrymany (1945), Döwlet baýragynyň laureaty (1942). 1939-njy ýyldan SSKP çleni. Abrikosow 1899-njy ýylda Moskwa uniwersitetini gutarýar. Ol 1920-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Moskwa uniwersitetiniň medisina fakultetiniň (1930-nji ýyldan Moskwanyň 1-nji medisina institutynyň) professory, 1944-51 ýyllarda SSSR MYA-nyň Hormal we patologik morfologiýa institunyň direktory. Abrikosow patologik anatomiýanyň dürli meseleleri hakdaky köp sanly ylmy işleriň awtorydyr, Abrikosow pataloglaryň Moskwadaky ylmy jemgyýetini esaslandyryjy we onuň hormatly başlygy (1938). Abrikosowyň ylmy işleri, esasan, öýken inçekeseline, simpatik nerw düwünleri, myşsa çiş kesellerine degişlidir. Abrikosow ýokary medisina okuw jaýlaryny üçin patologik anatomiýa boýunça okuw kitaplarynyň we birnäçe gollanmalaryň awtorydyr. Ol Polşa Ylymlar Akademiýasynyň kopp-çleni. Abrikosow Lenin ordeniniň ikisi we "Zähmet Gyzyl Baýdak" ordeni bilen sylaglanýar.