Abdysetdar Kazy
Abdysetdar Kazy |
Abdysetdar Kazy "Jeňnama" atly taryhy poemanyň awtorydyr. Ol 19-njy asyryň başynda Gökdepe sebitlerinde dünýä inip, 19-njy asyryň II ýarymynda aradan çykypdyr diýlip çak edilýär. Öz döwrüniň sowatly we düşünjeli adamy bolupdyr. Ol "Jeňnama" eserini 1862-nji ýylda ýazypdyr. Poema mesnewi formasynda ýazylyp, 2200 setirden ybarat. Awtor bu eserinde 1858 hem-de 1861 ýyllarda türkmenleriň birleşip, Eýran şasy Nasretdiniň talaňçy goşunlaryny derbi-dagyn edişi barada gürrüň berýär. 1858-nji ýylda Nasretdin Japargulyny baş edip, Garrygala sebitlerine agyr goşun ýollaýar. Şu taryhy jeňde türkmenleriň köp tireleri birleşip, watan ugrunda gahrymançylykly göreşýärler. Söweşe Nurberdi han ýolbaşçylyk edýär. Guramaçylykly we agzybir alynyp barlan şol söweşde talaňçy duşman goşunlary ýeňilýär. Şahyr eseriniň 1-nji bölüminde ine şu taryhy ýeňşi taryplaýar. Şahyr türkmen taýpalarynyň birleşip alyp baran watançylyk hereketiniň taryhy ähmiýetine dogry baha beripdir we şeýle birleşmäniň, dostlaşmanyň ýene-de rowaçlanmagyny isläpdir. Eseriň 2-nji bölüminde eýran goşunlarynyň 1861-nji ýylda Mara eden uly çozuşy hakynda söhbet açylýar. Garrygalada masgara bolup ýeňlen Nasretdin şa Hemze Mürzäniň baştutanlygynda türkmenleriň üstüne 70 müň adamly goşun sürýär. Emma bu gezekde şanyň agyr goşuny türkmenleriň birleşen güýjüne çydap bilmeýär. Bu taryhy söweşe Gowşut han ýolbaşçylyk edýär. Ahal türkmenleri hem Nurberdi hanyň ýolbaşçylygynda Mara kömege gelýär. Gazaply jeň talaňçy duşmanlaryň ýeňilmegi bilen gutarýar. Abdysetdar Kazy poemanyň bütin dowanymda watan ugrunda alnyp barlan urşuň tarapynda durýar. Duşmanlara aç gurt ýaly daraýan, halkynyň aryny-namysyny özbaşdaklygyny goraýan gerçekleri wasp edýär. Parahat ilaty talamaga gelen gelmişekleri paş edýär. Eser şeýle uly taryhy ýeňiş gazanan halky we onuň gaýduwsyz ogullaryny taryplaýan muhammes bilen tamamlanýar. Poemada aýratyn alnan gahryman hereket etmän, tutuş halk hereket edýär. Şonuň üçinde eseriň diliniň we stiliniň agyrlygyna garamazdan, onda uruş kartinalary, halk köpçüliginiň watançylyk hyjuwy we duýgulary real görkezilýär. Poema ilkinji gezek rus dilinde 1914-nji ýylda "Kniga rasskazow o bitwah tekinsew" ("Tekeleriň uruş kyssa kitaby") ady bilen Peterburgda akademik A. N. Samoýlowiç tarapyndan ylmy-düşündirişli çap edilýär. Eser gysgaldylan görnüşde "Jeňnama" ady bilen türkmen dilinde 1943inji ýylda çap edildi.