Abdysalamow Mätkerim

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Abdysalamow Mätkerim
Doglan wagty 1898
Doglan ýeri Garagalpagystan
Käri sowet işgäri

Abdysalamow Mätkerim (1898-1954) - Horezm rewolýussiýasynda aktiw gatnaşykçy, partiýa we sowet işgäri. 1920-nji ýyldan SSKP çleni. Ol Garagalpagystan ASSR-nyň Goňrat şäherinde daýhan maşgalasynda dogulýar. 1919-njy ýylda Gyzyl Goşun hataryna girip, Hywa rewolýussiýasyna aktiw gatnaşýar, basmaçylara garşy göreşýär. Ol Horezm Halk Sowet Respublikasy MIK-niň başlygynyň orunbasary (1923), İçeri işler halk komissary (1923-24), ÖzKP-niň Şabat we Koson raýkomlarynyň sekretary we beýleki jogapkär wezipelerde işleýär. RK(b)P-niň 13-nji gurultaýynyň we III Kommunistik Internasýonalyň V kongresiniň delegaty. Ol HHSR-niň "Zähmet Gyzyl Baýdak" ordeni we birnäçe medl bilen sylaglanýar.