Abdyrazzak Samarkandy
Abdyrazzak Samarkandy |
Abdyrazzak Samarkandy (1413 - 1482) - Orta Aziýa taryhçysy. Samarkantda birnäçe wagt ýaşaýar. Ol 24 ýaşynda Temiritleriň köşgünde hyzmat edip başlaýar. Temiritleriň diplomaty hökmünde Hindistanda (1441-44), Gilýanda (1446) bolýar. Ol ömrüniň soňky döwürlerinde Abdyl Kasym Babyryň köşgünde hyzmat edýär. Abdyl Kasymyň 1453 ýylynda Mazendarana, 1454 ýylynda Samarkanda eden ýörişlerine gatnaşýar. Abdyrazzak Samarkandy Orta Aziýawe Gündogar ýurtlarynyň 14-15 asyrlardaky taryhy boýunça maglumatlara baý bolan we taryhçylaryň arasynda şöhrat gazanan "Matla as-saadeýn wa majma al-bahreýn" ("Iki bagtly ýyldyzyň dogşy we iki deňziň goşulyşy") diýen taryhy eseriň awtorydyr. Onuň bu işi mongollaryň taryhyny, Temiriň we Temiritleriň 1304-1471 ýyllardaky taryhyny öz içine alýar.