Abdylhalyk Gižduwany

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Abdylhalyk Gižduwany
Doglan ýeri Gižduwan obasy-Buhara, Özbegistan
Aradan çykan wagty 1179
Käri dini alym

Abdylhalyk Gižduwany (Abdylhalyk ibn Abdyljemil Gižduwany, 1179 ýylynda aradan çykan) - "hajagan" ("hojalar") atly reaksion derwüşçilik toparyň esasyny goýanlarň we teoretikleriniň biri. Ol Buharanyň golaýynda ýerleşýän nda önüp-ösüpdir. Abdylhalyk Gižduwany Abu Ýusup (Hoja Ýusup baba) Hemedanynyň dört şägirdiniň (Hoja Abdylla Barky, Hoja Hasan Andaky, Hoja Ahmet Ýasawy we Abdylhalyk Gižduwany) biri bolupdyr we şonuň taglymatlaryny ýaýradypdyr. Onuň kakasy ymam Abdyljemil ady bilen meşhur bolupdyr. Abdylhalyk öz nesihatçysy hakda "Menakyby-Hoja Ýusup Hemedany" atly eser we başgada birnäçe kitap ýazypdyr.