Abazinler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Abazinler

Abazinler' - esasan, Garaçaý-Çerkes Awtonom Oblastynda ýaşaýan halk. Olaryň käbir toparlary Adygeý Awtonom Oblastynda hem-de Kislowodsk raýonunda duş gelýär. Ilatynyň sany 25 müň adam (1970). Abazinleriň ep-esli bölegi 19-njy asyryň 60-njy ýyllarynda Türkiýä göçüp barýar. Abazinleriň dili kawkaz dilleriniň adygeý-abhaz toparyna girýär. Olaryň asly musluman-sünnilerdir. Abazinleriň ata-babalary Gara deňziň gündogar kenarynda yaşapdyr. Etniki taýdan iki topara - tapaita we şkaraua diýen taýpalara bölünýär. Bu taýpalaryň dil aýratynlyklary häzir hem bar. Esasy kärleri geçmişde uzak öri meýdanlarynda mal bakmak, ekerançylyk, demirçilik hünärmentçiligi we ýüň-ýüplük egirmek bolupdyr. Biziň günlerimizde maldarçylyk, ekerançylyk, käbir ýerlerde emeli suwaryş arkaly bagçylyk, bakjaçylyk bilen meşgullanýarlar. Dili we medeniýeti boýunça abhazlara ýakyn. Bolşewik Rewolýusiýasyndan soň Abhazinleriň öz ene dilinde ýazuwy döredildi. Olar kabardin we rus dillerini, hatyny deň derejede bilýärler.