Aşgabat ýertitremesi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ýadygärlik
Ýadygärlik

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-den 6-syna geçilýän gije 1 sagat 12 minut 5 sekuntda Aşgabatda hem-de onuň golaýyndaky etraplarda ägirt güýçli ýer ýer yranmasy boldy. Bary-ýogy 10 sekunt dowam eden, ýöne güýji 9 10 ortolyk baldan hem geçen elhenç sarsgyn göz açyp-ýumasy salymda ýaňy uka giden şäheri ýer bilen ýegsan etdi.