Aýatolla Ruholla Musawi Homeýni

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Aýatolla Ruholla Musawi Homeýni (1900-1989).


Aýatolla.jpg


Ruhany maşgalasynda doglan. Dini bilim alansoň, 27 ýaşynda Kum şäherinde dini bilimleri okatmaga başlaýar. 1953-nji ýylda Mosaddygyň hökümeti agdarylyp, ýurtda şa düzgüniniň berkemeginden soň onuň garşysyna açykdan-açyk çykyş edip başlaýar. 1964-nji ýylda noýabrynda şa hökümeti ony Turkiýd gitmäge mejbur edýär. 1965-nji ýylda Homeýni Nejefe (Yrak) gelýär. Bu ýerdäki şaýy dini merkezinde 13 ýyllap. ders berýär. Şu ýerden dolandyryşyň yslam görnüşi hakynda “Yslam hökümeti“ atly işini ýazýar. 1978-nji ýylyň oktýabrynda Homeýni Fransiýa gidýär. Şu ýerde ol öz tarapdarlary bilen eýran ynkylabyna ýolbaşçylyk edýär. Homeýni 1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Parižden Tährana gelýär. 3 mln. adam ony garşylamaga çykýar.

1979-njy ýylyň başynda Eýranda syýasy dartgynlylyk başlandy. Fewralyň başynda halk çykyşlary has-da güýçlendi. Hereketden gorkan şa ýurtdan çykyp gaçdy. 1979-njy ýylyň 10-11-nji fewralyndaky yslam ynkylabynyň netijesinde halk asyrlarboýy dowam eden şa düzgünini agdardy. Fewral eýran ýylnamasy boýunça bahman aýy diýlip atlandyrylýar. Wakalaryň esasan bahman aýynda bolany üçin eýran halky ol bahman ynkylaby ady bilen meşhurdyr. 1979-njy ýylyň 1-nji aprelinde döwlet resmi taýdan Yslam Respublikasy diýlip jar edildi. Respublikanyň başynda onuň ruhy ýolbaşçysy - rehberi Aýatolla Homeýni durýardy.