Ýol we orun üýtgetme

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Displacement: Orun üýtgetme Distance: Uzaklyk Path Taken: Geçilen Ýol

Islendik hereketiñ gutarnykly netijesini kesgitlemek üçin, bize bir wagtyñ özünde hem ululygy, hem ugry görkezýän fiziki ululyk gerek. Bu fiziki ululyk orun öýtgemegidir. Jisimiñ başlangyç we soñky ýagdaýlaryny birleşdirýän ugrukdyrylan kesime orun üýtgetme diýilýär. Ol wektor ululykdyr. Diñe san bahasy bilen däl, eýsem giñişlikdäki ugry bilen hem häsiýetlendirýän ululyklara wektor ululyklar ýa-da wektorlar diýilýär. Diñe san bahasy bilen kesgitlenilýän ululyklara skalýar ululyklar diýilýär. Orun üýtgetme wektorynyñ ugry hereketiñ başlangyç nokadyndan soñky nokadyna bolan ugry görkezýär. Orun üýtgetme wektorynyñ san bahasy hereketiñ başlangyç we soñky nokatlarynyñ aralygynyñ uzaklygyna deñdir. Aýdyñ üçin orun üýtgetmäni şekillendiilýän kesimiñ ujy strelka bilen belgilenýär. Hereketiñ başlangyç we ahyrky nokatlarynyñ arasyndaky traýektoriýanyñ uzynlygyna geçilen ýol diýilýär. Ýol skalýar ululykdyr. Geçilen ýol we jisimiñ orun üýtgetmesi şol bir zat däldir. Jisim M1 nokatdan M2 nokada ornuny üýtgedipdir diýeliñ (a-surat). Onuñ orun üýtgetmesi M1 M2 kesimidir. M1 we M2 nokatlarynyñ arasyndaky traektoriýanyñ uzynlygy bolsa geçilen ýoldur.