Ýagyş

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ýagyş
Alýaskada älemgoşar

Ýagyşbulutlardan ýagýan, ortaça diametri 0,5 we 6–7 mm bolan suwuklyk damjalary görnüşindäki atmosfera ygaly.

Iň kiçi diametrli damjaly suwuk ygala çisňi diýilýär. Diametri 6–7 mm uly bolan damjalar bulutlardan aşak gaýdyş prosesinde maýdajyk damjalara bölünýär, şol sebäpli iň güýçli çabgada hem damjalaryň diametri 6–7 mm uly bolmaýar. Ýagşyň güýçliligi 0,25 mm/sag (çisňeýän ýagyş) bilen 100 mm/sag (güýçli çabga) aralygynda bolup bilýär.