Tabajykly tornabea

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Çolaşyk tornabea sahypasyndan gönükdirildi)
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

ÇOLAŞYK ýa-da TABAJYKLY TORNABEA (Tornabea scutellifera - торнабеа блюдценосная) Fissiýalar maşgalasy (Physciaceae) Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Ýewraziýa görnüşi. Türkmeistanyň florasynda uruga degişli ýeke-täk görnüş. Gadymy görnüş. Gysgaça beýany. Bedeni şahalanan, goýy çal reňkde, uzynlygy 40 sm çenli. Iýiji kaliý täsir edende reňki üýtgemeýär. Apotesiýleriniň esasy giňelen. Uçlary inçeräk, sahalanan, çolaşyk, ujy tüýjümek-kirpikjimek. Apotesiýleri diametri 3 mm çenli, açyk çal aýlawly gara, ýasy okarajyga meňzeş. Sporalary iki öýjükli, garamtyl, her torbajykda 8 sany. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Arwaz, Asylma, Duşak, Müsünew). Türkmenistandan daşarda — Beýik Britaniýa, Gresiýa, Ispaniýa, Italiýa, Portugaliýa, Kawkaz, Russiýa, Ukraina. Bitýän ýerleri. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň gabyklary. Düzlükler (Söýünagsak çägelik giňişligi) we daglar (deňiz derejesinden 1400–2200 m belentlikdäki, barmasy kyn jülgeler). Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Ýekelikde seýrek duş gelýär ýa-da kowçum emele getirýär. Esasy çäklendiriji sebäpler. Bitýän ýeriniň ýagdaýynyň üýtgemegi we adamyň işjeň täsiri. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Topbak düýpli biomorfaly lişaýnik. Jynsy ýol arkaly (askosporalar) köpelýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Bitýän ýerleriniň bir bölegi Köpetdag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Lişaýnigiň ösýän ýerini gözegçilikde saklamaly Barlaglar boýunça teklipler. Duşýan ýerlerini hasaba almaly. Düzüji Z. Joraýewa